Turkmenportal logo
23.01.22
45594559
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekindäki Olimpiýa obalary işläp başlady

Hytaýyň Pekin şäherindäki Gyşky oýunlaryň olimpiýa obalary işe girişdi we daşary ýurt türgenlerini kabul edip başlady. Bu barada RIANowosti Olimpiadanyň guramaçylyk geňeşine esaslanyp habar berdi.


Obalaryň resmi açylyşynyň 27-nji ýanwarda boljakdygy habar berilýär, şol gün ýaryşlara gatnaşjaklaryň esasy bölegi geler.


2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlary 4-20-nji fewralda geçer.