Turkmenportal logo
17.01.22
73967396
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK kubogy-2022-de «Köpetdag» «Hujand» hem-de «Dordoý» bilen duşuşar

AFK kubogy-2022-de Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän «Köpetdagyň» garşydaşlary belli boldy.


Türkmen topary Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» we Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» bilen duşuşar.


Ilkinji duşuşyk 2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda, ikinji duşuşyk bolsa 30-njy iýunynda bolar.


«F» toparçada birinji orny eýelän, «E» toparynyň ýeňijisi bilen boljak AFK-nyň Merkezi zolagynyň finalyna çykar we ýeňiji ýaryşyň indiki tapgyryna gatnaşmak üçin petek we ABŞ-nyň 100,000 dollaryny alar.


Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2021-nji ýylyň möwsüminde «Köpetdagyň» 21 utuk toplap dördünji orny eýeländigini ýatladýarys. Topar AFK-nyň ygtyýarnamasyndan üstünlikli geçip, AFK kubogynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazandy. AFK kubogynda Türkmenistanyň ýene bir futbol topary — «Altyn asyr» hem gatnaşmaga hukuk gazandy.


«Köpetdagyň» AFK-nyň kubogynda ilkinji gezek çykyş edýändigine bellemek gerek. Mundan öň bu topar Aziýa çempionlar kubogynda (1994/95, 1995/96, 1996/97, 1998/99, 2001/02) we Aziýa futbol kubogynda (1997/98) çykyş etdi.