Turkmenportal logo
13.01.22
61246124
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022: «Ahalyň» ýaryşjak günleri belli boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler. Aziýanyň Futbol konfederasiýasy günbatar sebitdäki toparçalaýyn duşuşyklary 7 ― 27-nji aprel aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçirmegi meýilleşdirýär.


Eger «Ahal» toparçalaýyn tapgyrdan üstünlikli geçip bilse, 1/8 final duşuşyklary üçin sekiz aý çemesi garaşmaly bolar. Çünki 1/8 finalyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda geçiriler. Şeýle hem çärýek final 7-nji, ýarym final duşuşyklary 10-njy fewralda bolar.


AFK-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 2023-nji ýylyň 19-njy we 26-njy fewralynda boljak iki oýundan ybarat bolar.