Turkmenportal logo
07.01.22
87038703
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa Kubogy — 2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek seneleri mälim edildi

Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda «A»toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy şu ýylyň 10-njy aprelinde geçiriler. Ýygyndy toparymyzyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy Gyrgyz Respublikaynyň ýygyndysy bolar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji oýnunda Eýranyň (11-nji aprel) üçünji tapgyryň duşuşygynda bolsa Maldiwleriň (12-nji aprel) ýygyndylary bilen duşuşar.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama ýaryşyna gatnaşar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar toparçalaryň ikisinde bäsleşerler. Saýlama ýaryşlary merkezleşdirilen görnüşinde Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.


Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.


Merkezi we Günorta sebiti (geçirilýän ýeri – Gyrgyz Respublikasy):


1-nji tapgyr (10-njy aprel):


«A»toparça


Eýran – Maldiwler
Gyrgyz Respublikasy – Türkmenistan


«B»toparça:


Özbegistan – Nepal
Täjigistan – Owganystan


2-nji tapgyr (11-nji aprel):


«A»toparça


Maldiwler – Gyrgyz Respublikasy
Türkmenistan – Eýran


«B»toparça:


Nepal – Täjigistan
Owganystan – Özbegistan


3-nji tapgyr (12-nji aprel):


«A»toparça


Eýran – Gyrgyz Respublikasy
Türkmenistan – Maldiwler


«B»toparça:


Özbegistan – Täjigistan
Owganystan – Nepal