Turkmenportal logo
26.12.21
947947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýada buzly ýagyn zerarly 50 awtoulag çaknyşdy

Germaniýada ýaramaz howa zerarly 50 sany awtoulagyň gatnaşmagynda ýol heläkçiligi boldy, bu barada Bild gazeti habar berdi.


Köçe-ýol hadysasy Bawariýa federal topraklarynyň Amberg şäherinde boldy. Neşiriň ýazmagyna görä, 6-njy awtoban iki taraplaýyn ýapyldy, birnäçe adam şikes aldy. Hadysa buzly ýagyş sebäp boldy.


«Ýokarky Frankoniniň ähli ýerinde buzly ýagyn ýagdy, hatda biz—ýol gözegçiligi edarasynyň işgärleri hem awtoulag heläkçiliginiň bolan ýerine kynlyk bilen ýetdik» diýip, neşir hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň biriniň sözüni getirýär.