Turkmenportal
25.12.2021
4004140041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Sahawatly söwda» atly dürli görnüşli harytlaryň arzanladyş çäresi guralýar
Türkmenistanda «Sahawatly söwda» atly dürli görnüşli harytlaryň arzanladyş çäresi guralýar

Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 25 — 31-nji dekabry aralygynda Aşgabatdaky «Türkmenistan» döwlet söwda merkeziniň dükanlarynda «Sahawatly söwda» atly dürli görnüşli harytlaryň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş çäresi guralýar:


Aşgabat şäherinde:


  • «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi;
  • «Berkarar» söwda dynç alyş merkezi;
  • «Bereketli» bazarly söwda merkezi;
  • «Çagalar dünýäsi» söwda we dynç alyş merkezi;
  • «Aşgabat» söwda merkezi;
  • «Bagtyýarlyk» söwda dynç alyş merkezi;
  • «Gülzemin» söwda dynç alyş merkezi;
  • «Paýtagt» söwda merkezi;
  • «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi.

Welaýatlarda:


  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Hazar» söwda merkezi;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezi;
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezi;
  • Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezi.