Turkmenportal logo
17.12.21
80518051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Paýtagtyň gurjak teatrynda täze çagalar sahna oýnunyň tanyşdyrylyşy bolar

17-18-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda Türkmenistanyň döwlet gurjak teatrynda çagalara “Gopbam Towşanjyk” atly täze sahna oýnunyň tanyşdyrylyşy görkeziler. Erteki görnüşindäki sahna oýnunyň awtory teatryň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowadyr.


Sergeý Mihalkowyň eseri esasynda goýulýan täze sahna oýnunda gurjak-gahrymanlar çagalara ýagşylyk we ýamanlyk, dostluk we dogruçyllyk, hemişe hakykaty aýtmak ýaly häsiýetler dogrusynda gürrüň bererler. Çagalar gopbam towşanjygyň täsin başdangeçirmelerini dürli öwüşginli bezeglere beslenen paýtagtyň gurjak teatrynda görüp bilerler. Tanyşdyryş dabarasy sagat 12:00-da başlanar.