Turkmenportal logo
25.11.21
1509015090
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtingindäki ornuny bildi

«Al-Hilal» soňky üç ýylyň içinde iki gezek AFK-nyň Çempionlar ligasyna mynasyp boldy. Şeýlelik bilen, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2018 ― 2021-nji ýyllar boýunça klublaýyn reýtingi jemledi. Bu reýting Konfederasiýa agza döwletleriň 2023-nji ýylda yklymyň klublaýyn ýaryşyna näçe topary ýollap biljekdigini kesgitleýär.


Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy AFK-nyň reýtinginde 16-njy, bu sanawyň «Günbatar» böleginde bolsa 9-njy orny eýeleýär. Bu orun Türkmenistana 2023-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna 1, AFK-nyň kubogyna bolsa 2 topary ýollamaga hukuk berýär.