Turkmenportal logo
16.11.2021
31093109
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň gazna biržasy işe başlady

Düýn, 15-nji noýabrda Pekiniň gazna biržasy resmi işe başlady, ol ilkinji nobatda kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň arasynda geleşikleri baglaşmak üçin niýetlenendir diýip, Belta habarlar gullugy ýazýar.


Häzirki wagtda biržada 80-den gowrak kompaniýalaryň gymmatbaha kagyzlary hödürlenýär, geljekde olaryň sany has-da artar diýlip garaşylýar. Täze söwda meýdançasy ykdysadyýetiň däp bolup gelýän we täze pudaklarynyň ösüşine ýardam berer.


HHR-niň hökümetiniň pikirine görä, Pekin biržasy milli kärhanalaryň innowasion kuwwatynyň artmagynda möhüm orny eýelär, onuň başlangyç kapitaly 1 milliard ýuana deňdir.