Turkmenportal logo
30.10.2021
3229632296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Turkish Airlines” Türkmenistandan Türkiýä nobatdaky çarter uçuşyny guraýar

“Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň Türkmenistandan Türkiýä nobatdaky çarter uçar gatnawy 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň ilkinji on günlüginde meýilleşdirilýär diýip, “Atawatan Türkmenistan” howa gatnawynyň Aşgabat bölümine salgylanyp habar berýär.


Şonuň bilen birlikde hem, noýabr aýynda awiakompaniýanyň Türkmenistandan ýene 2 çarter uçuş gatnawyny amala aşyrmagy maksat edinýändigi aýdylýar.


“Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň Türkmenistandan Türkiýä geçenki çarter uçuşy 2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda bolupdy.


Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkiýe bilen yzygiderli gatnawlar togtadyldy.