Turkmenportal logo
24.10.21
1610816108
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Şu gün – 24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Aşgabat şäherine geldi.


Gazak Liderini Aşgabat Halkara howa menzilinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow garşy aldy.


Saparyň maksatnamasy iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde geçiriljek gepleşikleri öz içine alýar. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we geljegine serediler, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar.