Turkmenportal logo
22.10.21
62726272
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, Aralyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Resminama bilen, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.