Turkmenportal logo
18.10.21
2279422794
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul ― Türkmenbaşy ― Stambul aralygynda 24-nji oktýabrda ýene bir ýörite howa gatnawyny meýilleşdirýär.


Bu barada Atavatan Türkmenistan awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasyna salgylanyp habar berdi.


Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýyn ýatyrylandygyny ýatladýarys.


«Turkish Airlines» Türkmenistandan mundan ozalky ýörite gatnawy 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda gurapdy.