Turkmenportal logo
15.10.21
2456524565
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite howa gatnawy amala aşyryldy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, şu gün Russiýanyň S7 howaýollary kompaniýasynyň 8536 gatnawy Türkmenabat - Moskwa uçuşy amala aşyrdy.


Ýörite uçar gatnawy rus raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan guraldy. Gatnawda 177 ýolagçy hasaba alyndy.


15-nji oktýabrda geçiriljek bu howa gatnawy barada ozal hem habar beripdik.


Ýatlap geçsek, sentýabr aýynda hem Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça eksport gatnawy bolupdy.


Russiýa bilen yzygiderli howa gatnawlary global derejedäki pandemiýa zerarly 2020-nji ýylyň martynda togtadylypdy.