Turkmenportal logo
14.10.21
2023620236
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyrynyň bije çekişligine ikinji sebetden gatnaşar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek futbol boýunça Aziýa kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynyň öňüsyrasynda pleý-off duşuşyklary geçirilip, Kambojanyň we Indoneziýanyň ýygyndylary ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy. Şeýlelikde, ýakyn günlerde geçiriljek bije çekilişigiň ähli sebetleriniň wekilleri mälim boldy.


Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bije çekilişige 2-nji sebetden goşular. Has takygy, üçünji saýlama tapgyryň sebetleri aşakdaky tertipde:


1-nji sebet: Özbegistan, Bahreýn, Iordaniýa, Gyrgyzystan, Palestina, Hindistan;


2-nji sebet: Täjigistan, Taýland, Filippinler, TÜRKMENISTAN, Kuweýt, Mýanma;


3-nji sebet: Gonkong, Ýemen, Owganystan, Malaýziýa, Maldiwler, Singapur;


4-nji sebet: Indoneziýa, Nepal, Kamboja, Mongoliýa, Bangladeş, Şri-Lanka.


Bije çekilişigiň ýakynda bolmagyna garaşylýar. Olaryň netijesinde üçünji saýlama tapgyrynda 6 toparça emele getiriler. Olar 2022-nji ýylyň 1-nji fewraly ― 27-nji sentýabry aralygynda duşuşyklary geçirerler.


Her toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy bäşisi yklym çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.