Turkmenportal logo
12.10.21
2191921919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan indiki ýörite uçar gatnawynyň senesini yglan etdi

2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça “Sibir” howaýollarynyň uçarynyň indiki ýörite uçuşy guralar. Bu uçuş baradaky maglumat Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial aragatnaşyk ulgamynda beýan edildi.


Domodedowo howa menziliniň ýetirýän habarynda uçaryň ýerli wagt bilen irden sagat 9:50-de Türkmenistandan Russiýa uçjakdygy bellenilýär. Bu pandemiýanyň başlanyndan bäri 23-nji eksport uçuşy bolar.


Koronawirus pandemiýasy zerarly Türkmenistan 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri daşary ýurtlara yzygiderli howa gatnawlaryny togtatdy.