Turkmenportal logo
03.09.21
1660616606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly sazandalar Hazarýaka döwletleriniň festiwalyna gatnaşar

Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň sazandalary 11-nji sentýabrda Astrahanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň nusgawy aýdym-saz festiwalynyň ― OperaFirstiň gala konsertinde çykyş etjek simfoniki orkestri emele getirerler. Bu barada astrakhan-24.ru habar berýär.


Kombinirlenen orkestrde dostlukly döwletlerden 65 sazanda çykyş eder. Bu topar «OperaFirst» üçin aýdym-saz güýmenje medeni gaznasy tarapyndan ýygnandy.


Orkestriň drižýory Sankt-Peterburg döwlet çagalar we ýaşlar filarmoniýa jemgyýetiniň müdiri we baş direktory Mihail Golikow bolar. Ol pandemiýa döwründe dünýäniň iň gowy sazandalaryny birleşdiren Sanly orkestr taslamasynyň ideology we döredijisidir.


Festiwal 9 ― 11-nji sentýabr aralygynda baý taryhy we köpmilletli ilaty bolan Astrahanda geçiriler.