Turkmenportal logo
11.08.21
82528252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarynda täze möwsüme taýýarlyk görülýär

Çärjew etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasy «ak altynyň» täze hasylyny gaýtadan işlemäge doly taýýar edildi. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.


Kärhananyň hünärmenleri jogapkärli möwsümiň öň ýanynda enjamlary doly gözden geçirdiler we abatlaýyş işlerini tamamladylar. Enjamlaryň işlemek möhleti tamamlanan şaýlary çalşyldy, beýlekilerine tehniki hyzmatlar edildi. Tereziler, pagta kabul ediljek, gaýtadan işlenenden soň aýýar önümler saklanyljak meýdançalar meýdanlar talaba laýyk ýagdaýa getirildi. Pagta daşamak üçin ulanyljak traktorlar we olaryň tirkegleri abatlanyldy we taýýarlyk hatarynda goýuldy.