Turkmenportal logo
07.08.2021
1002510025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awazada geçirilen milli tagamlaryň festiwalyna gatnaşyjylaryň her birine 10 müň dollar gowşuryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň aşpezlerini özünde birleşdiren milli tagamlaryň festiwaly geçirildi.


Festiwalyň iň gowy wekilleri Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň gala-konsertiniň çäginde sylaglanyldy.


Has takygy, festiwala gatnaşyjylaryň her birine BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy merkeziniň baştutany Natalýa German tarapyndan 10,000 dollar, gymmatly sowgatlar we ýörite diplomlar gowşuryldy.