Turkmenportal logo
16.07.21
74267426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wise-premýer R.Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasyna gulluk iş saparynyň çäklerinde 15-nji iýulda Daşkentde Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşdy.


Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.


Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanmalary tassykladylar.


Diplomatlar sebit we halkara derejelerde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň sebitde hem-de onuň daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi ilerletmek ugrunda çykyş edýändikleri aýratyn bellenildi.