Turkmenportal logo
07.07.21
4079440794
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa ýurda girmek, şol sanda türkmen raýatlary üçin täze düzgünleri girizdi

1-nji sentýabrdan başlap, Türkmenistanyň raýatlary koronawirusa garşy sanjym alandygyny tassyklaýan resminamasy arkaly Russiýa Federasiýasyna girip bilerler.


Täze düzgün Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Moldowanyň raýatlaryna-da degişlidir. Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň raýatlary üçin 10-njy iýuldan girmäge rugsat berilýär.


Daşary ýurtlardan gelen ruslaryň özleri üçin alty aýlap COVID-19 bilen kesellän bolsalar ýa-da koronawirusa garşy sanjymyň doly tapgyryny alan bolsalar, olar test edilmez.