Turkmenportal logo
26.05.21
1702417024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagalar üçin mugt sahna eserleri görkeziler

«ArtIst» teatrynyň döredijilik topary Aşgabatdaky Rus öýi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli sowgat taýýarlaýar.


30-njy maý güni teatr «Uly çaý içişligi» we «Towşan doganlar we beýlekiler» atly sahna eserlerini çagalara mugt hödürlär.


Doly maglumat üçin degişli bildiriş bilen tanşyň!


Aşgabatdaky «ArtIst» professional ýaşlar teatry 2007-nji ýylda esaslandyryldy. Geçen döwrüň içinde bu ýerde iri sahna eserleriniň 40-dan gowragy goýuldy. Olaryň biri Fýodor Dostoýewskiniň eserleriniň XX halkara festiwalynda baýrakly orna mynasyp boldy.