Turkmenportal logo
19.05.21
40654065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär

Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň tennis meýdançalarynda uly tennis boýunça ýurduň çempionaty başlandy we ol Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.


Bu ýaryş iki topara bölünip geçirilýär. Birinji toparda 12 – 14 ýaşly we 12 ýaşly hem-de ondan kiçi çagalar birinji ýeri almak ugrunda bäşleşseler, ikinji toparda ýaşy 14-den ýokary erkek we aýal türgenler ýurduň çempiony diýen hormatly at üçin özara güýç synanyşarlar.


Ýaryşlara tutuş Türkmenistandan jemi 140-a golaý türgen gatnaşýar. Ýurduň çempionatynda ýekebara çykyşlara goýulýan medallardan daşgary oglanlaryň arasynda iki bolup oýnalýan tennis boýunça-da sylagly orunlar üçin bäsleşiljekdigini aýratyn bellemelidiris.