Turkmenportal logo
30.04.21
1115911159
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasyny 75 ýaş toýy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.


Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Onuň Alyjenaby Karl XVI Gustawa berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk, şeýle hem Şwesiýa Patyşalygynyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we maksatlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.