Turkmenportal logo
19.04.21
2391623916
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

22-nji we 29-njy aprelde Moskwadan Türkmenabada iki sany ýörite uçuşy amala aşyrmak meýilleşdirilýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy bu uçuşlar bilen ýurduň Russiýadaky raýatlaryny alyp gelmegi meýilleşdirýär diýip, Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziliniň sowal-jogap gullugy habar berdi.


Ýer ýüzüni gurşap alan koronowirus pandemiýasy sebäpli, Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň mart aýynda halkara howa gatnawlaryny ýatyrandygyny ýatladýarys. Şondan bäri «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan diňe wagtal-wagtal ýörite uçuşlar amala aşyrylýar.


Daşary ýurtlardan getirilýän raýatlar 21 günlük karantin gözegçiliginde saklanylýar. Uçara diňe COVID-19 barlagy arassa geçen ýolagçylaryň mündürilýändigini hem ýatladýarys.