Turkmenportal logo
17.04.21
1585715857
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygy üpjün etmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny tassyklady.


Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen kabul edildi.