Turkmenportal logo
16.04.21
76607660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahalyň dolandyryş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar
Ahalyň dolandyryş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak meýilleşdirilýär. Degişli Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.


Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak maksady bilen, bu ugurda uly tejribesi bolan ýerli kärhanalaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” hususy kärhanasy bäsleşigiň ýeňijisi boldy.