Turkmenportal logo
01.04.21
4809948099
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda metjitleriň işine goýlan çäklendirme ýatyryldy

Türkmenistanda ähli metjitler işläp başladylar. Bu barada Türkmenistanyň Müftiligi habar berýär.


Metjide barlanda, arassaçylyk, öňüni alyş çareleri görülmelidir.


2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda metjitlere-de barmak çäklendirilipdi. Şeýle karar Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilipdi.