Turkmenportal logo
24.03.21
1143911439
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Nowruz baýramy bellenildi
Photo: The Embassy of Kazakhstan in Turkmenistan

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 22-nji martda Nowruz baýramy mynasybetli milli däplere esaslanan dabara geçirdi.


Ilçihananyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, dabara ýurduň ähli welaýatlarynda ýaşaýan gazak asylly ildeşlerimiz we ilçihananyň wekilleriniň maşgala agzalary gatnaşdy.


Dabarada ilçi Ýerkebulan Sapiýew çykyş edip, hemmeleri Nowruz baýramy bilen gutlady. Çykyş eden gazak asylly ildeşlerimiz şeýle dabaranyň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyna aýratyn ünsi çekdiler.


Dabarada gazak milli aýdymlary ýerine ýetirilip, käbir oýunlar oýnaldy. Onuň başdan-aýaga Nowruz baýramynyň gazak däplerine ýugrulandygyny aýratyn nygtamak gerek.