Turkmenportal logo
09.03.21
74347434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we ABŞ muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

9-njy martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.


Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmän, degişli ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini-de ara alyp maslahatlaşdylar.


Maslahata gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmek we aýawly saklamak, Türkmenistanyň hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň muzeýleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek babatda teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.