Turkmenportal logo
28.02.21
5004450044
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezi ýene-de doly işläp başlar

2021-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Aşgabatda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň çägindäki ähli desgalar öz işini doly dikelder. Bu barada "Turkmenportal" söwda merkeziniň sorag-jogap gullugyndan öwrendi.


Ýatlap geçsek, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli arassalaýyş-öňüni alyş maksatlary bilen 2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda öz işini çäklendiripdi. Bu günki güne çenli söwda merkeziniň çäginde diňe azyk hem-de hojalyk harytlary dükanlary hereket edýärdi.


Goşmaça maglumat almak üçin «Berkarar» SDAM-nyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: +99312468006