Turkmenportal logo
26.02.21
2231322313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilýän gününde paýtagtda täze awtobuslaryň 400-si ýolagçylara mugt hyzmat eder

25-nji maýda bellenilip geçilýän Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-si işe giriziler.


Şäher içindäki ähli awtobuslar baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat ederler.


Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de şanly sene mynasybetli dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşlygynyň çäginde belledi. 


Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň taryhyndaky bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.