Turkmenportal logo
26.02.21
6060960609
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilýän güni ilkinji doglan çagalara dakyljak atlar belli boldy

Türkmenistanyň Prezidenti 26-njy fewralda geçiren wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilýän güni dünýä injek çagalara dakyljak atlary teklip etdi.


Döwlet Baştutany paýtagtyň okgunly ösýändigini hem-de çäkleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagta söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler.


Milletiň Lideri täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.