Turkmenportal logo
22.02.21
1002610026
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Belarusdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy

Minsk şäherindäki «BelEkspo» sergi merkezinde guralan XXVIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy «Kitap adamlary we ýurtlary birleşdirýär» diýen şygar astynda geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.


Belarus Respublikasynyň Maglumat ministrligi tarapyndan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň gatnaşmagynda guralan sergide 20 döwletden diwarlyklaryň 280-den gowragy görkezildi.


Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy hem bu gözden geçirilişe milli neşir önümleri bilen gatnaşdy. Türkmen tarapynyň sergidäki diwarlygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda çap edilen kitaplary, türkmen halkynyň baý taryhyndan, medeniýetinden we sungatyndan, häzirki döwürde ýeten sepgitlerinden söz açýan çeper, ylmy-jemgyýetçilik hem-de publisistik neşirler bar.