Turkmenportal logo
20.02.21
2196221962
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Leningrad gabawyna bagyşlanan ýadygärligiň açylmagy mümkin

Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Arbi Abubakarow aýtdy ― diýip, Topspb.tv habar berýär.


Hususan-da, Sankt-Peterburgyň, ozalky Leningradyň gabawyna daşary ýurtlardan gatnaşan merdanalary hatyralamakda we ýaş nesilleriň bu agyr günleri hemişe ýadynda saklamagynda guruljak ýadygärlik uly ähmiýete eýe bolar.


2020-nji ýylda şeýle mazmunly ýadygärlikler Ierusalimde we Mançesterde hem gurlupdy.


Ol pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar ýol berse, Aşgabatdaky ýadygärligiň şu ýyl açyljakdygyny habar berdi.

Aşgabatda Leningrad gabawyna bagyşlanan ýadygärligiň açylmagy mümkin | Turkmenportal.com