Turkmenportal logo
16.02.21
61176117
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan geçen ýyl 852 sany KAMAZ satyn aldy

Pandemiýa bilen bagly çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistan 2020-nji ýylda 852 sany «KAMAZ» awtomobilini satyn aldy. Bu barada «KAMAZ» kompaniýasynyň çärýeklik hasabatyna salgylanyp, Finmarket habarlar agentligi habar berýär.


Bellenilen döwürde "KAMAZ"-dan Gazagystan – 1,328 müň awtomobil we detallaryň ýygnamak üçin toplumyny satyn aldy. Özbegistan 196 we Belarus 109 sany awtomobil satyn aldy.


«KAMAZ» önümlerini Azerbaýjana, Gruziýa, Ermenistana, Gyrgyzystana, Moldowa we Täjigistana iberýär.


2020-nji ýylda kompaniýa şeýle hem Wýetnama (650 awtomobil) we Litwa (100 awtomobil) önümlerini iberdi.


Umuman, «KAMAZ» 2020-nji ýylda Russiýanyň bazarynda satuwyny 7,1% artdyryp, COVID-19-a garşy girizilen çäklendirmeleriň netijesinde daşarky bazarlarda eksportyny 13% peseltdi.