Turkmenportal logo
13.02.21
4839548395
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ähli howa menzillerinde kiçi ýükleri ibermek hyzmaty hereket edýär

Türkmenistanyň ähli howa menzillerinde ýurduň içinde 5 kilograma çenli agramly ýükleri ibermek hyzmaty hereket edýär.


Ýükler göwrümi boýunça tapawutlanýan ýörite gaplarda iberilýär. Ýagny, ibermek üçin aşakdaky ölçegli gutular we bukjalar bar:


• 11,5 х 23;


• 17,5 х 25;


• 26 х 34;


• 37 х 49,5;


• 27 х 35 x 6; 


• 38 х 51,5 x 6.


Ibermegiň bahasy ýüküň agramyna görä kesgitlenýär: 40 – 70 manat.


Ibermek hyzmaty şeýle hyzmatlary hem hödürleýär:


• Ýüki taýýarlamak;


• Ýük barada duýdurmak;


• Awia-ugradyjy hatlaryny düzmek we ibermek.


Jikme-jik maglumatlar gije-gündiziň dowamynda telefon arkaly elýeterlidir:


• +993 12 23-45-78, +993 61 78-33-24 (Aşgabat halkara howa menzili)


• e-poçta: asb.airport.cargo@online.tm


• +993 522 6-70-06, +993 522 5-27-77 (Mary halkara howa menzili)


• e-poçta: mary.airport@online.tm


• +993 322 9-15-00 (Daşoguz halkara howa menzili)


• e-poçta: ggg.utat@online.tm


• +993 422 9-45-52 (Türkmenabat halkara howa menzili)


• e-poçta: cargoturkmenabat@gmail.com


• +993 243 3-02-47, +993 243 3-00-10 (Türkmenbaşy halkara howa menzili)


Saýt: www.turkmenbashiairport.gov.tm