Turkmenportal logo
13.02.21
69876987
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly adyndaky TDU-da göçme sergi guraldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan göçme sergi gurnaldy ― diýip, muzeýiň resmi saýty habar berýär.


Döwlet muzeýiniň gaznasyndan gözel ülkämizi wasp edýän hala çitilen şekiller, haly we haly önümleri, şeýle-de milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, saz gurallary sergide görkezildi.


Serginiň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Mähri Perdeliýewa we Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow çykyş etdiler.


Sergä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.  


Göçme serginiň gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi.