Turkmenportal logo
08.02.21
1863518635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kerki howa menziliniň gurluşygy tamamlanyp barýar

«Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Kerki howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Şu günler menziliň baş binasynyň daşyny bezeg plitalary bilen örtmek işine girişildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Uçjak bolup, ganatyny gerip duran ak guwy ýatladýan baş binanyň öňünde milli öwüşginli bezegler köpräk ulanylar. Beýikligi 28,8 metre ýetýän dispetçer gullugynyň diňi-de haly gölleri bilen bezeler.


― Häzir bu ýerde esasy gurluşyk işleri tamamlandy. Indi diňe daşary ýurtlardan getirilip, binada ornaşdyryljak enjamlary gurnamak işi galdy — diýip, «Gündogdy» hususy gurluşyk kärhanasynyň baş inženeri Gylyçmyrat Ataýew gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.


200 gektar meýdanda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Howa menzili üçin zerur kömekçi desgalaryň-da birnäçesi guruldy. Elektrik toguny paýlaýjy kuwwatly desga olaryň ählisini elektrik togy bilen üpjün eder. Daş-töweregi bezeg agaçlary, güller bilen örtülmeli ajaýyp bina şu ýylyň baharynda görküne geler.