Turkmenportal logo
30.01.21
1457514575
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara topary döredildi

Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döredildi.


Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.


Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy, ýokarda agzalan Pudagara toparyň düzümi hem-de Düzgünnamasy tassyklanyldy.


Belläp geçsek, bu resminama Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin kabul edildi.