Turkmenportal logo
23.01.21
74427442
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl Lebap gaz turbinaly elektrik bekedi we TOP howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegi ulanylmaga berler

Şu ýyl Türkmenistanyň Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.


Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.