Turkmenportal logo
17.01.21
90739073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Köpetdagyň» we «Abdyş-Atanyň» ozalky derwezeçisi bu ýyl Özbegistanyň Pro-ligasynda çykyş eder

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow karýerasyny Özbegistanda dowam etdirer. Germaniýanyň «Transfermarkt» portalynyň habaryna görä derwezeçi «Buhara» futbol topary bilen şertnama baglaşdy.


2020-nji ýylyň futbol möwsüminde gyrgyz çempionatynda «Abdyş-Atanyň» derwezesini goran ildeşimiziň şertnamasy geçen ýylyň ahyrynda tamamlandy. Ol täze topary bilen erkin oýunçy hökmünde şertnama baglaşdy.


«Tranfermakt»-da onuň häzirki trasfer bahasy 100 müň ýewro.


«Buhara» barada aýdylanda bolsa, topar 2020-nji ýylda Özbegistanyň Superligasynda soňky 14-nji orny eýeledi we bu möwsüm ýurduň Pro-ligasynda ýaryşar.