Turkmenportal logo
11.01.21
1021910219
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň telekeçileri pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny tabşyrmak döwrüniň başlanandygy barada SMS habaryny aldylar

Şu gün Türkmenistanyň telekeçileri 2020-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasabat döwrüniň başlanandygy barada SMS habary aldylar.


Abonentiň adyna hormatlamak bilen ýüzlenilýän SMS habaryň mazmuny: 


"Pensiýa gaznasynyň bölümi 2020 ý. II ý.ý. üçin pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny tabşyrmagyňyzy haýyş edýär!"


Pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen bir wagtyň özünde tölenilýär.


Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.