Turkmenportal logo
08.01.21
1372013720
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine gulluk iş saparynda bolar.


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan Iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.