Turkmenportal logo
12.12.20
1582115821
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky halkara sergide millionlarça dollarlyk halkara geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 12 günüň dowamynda geçirilen halkara sergi köptaraplaýyn bähbitli geleşiklere baý boldy. 1-nji dekabrda öz işine başlan serginiň dowamynda ABŞ-nyň 62 million dollaryna, 1,5 milliondan gowrak ýewro hem-de 2,5 million manatlyga barabar halkara resminamalarynyň we şertnamalarynyň jemi 130-dan gowragyna gol çekildi.


50-ä golaý resminama halkara guramalary bilen gol çekildi. Şolaryň köpüsi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň arasynda baglaşyldy. Gazanylan ylalaşyklar boýunça taslamalaryň bahasy ABŞ-nyň 82 million dollaryndan gowrak boldy. Şondan 70,5 million dolary türkmen tarapyndan gönükdirmek meýilleşdirilýär.


Mundan başga-da, ýurdumyzyňharytlaryny eksporta ibermek boýunça ABŞ-nyň 72,79 million dollaryna barabar bolan şertnamalaryň 40-sy baglaşyldy.