Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň çempionatynyň tamamlanan möwsüminde iň netijeli futbolçy bolmagy başardy. Möwsümde garşydaş derwezelere 35 pökgi geçiren futbolçy, ýene 6 gezek tapawutlanyp bilen bolsa, çempionatyň taryhy rekordyny gaýtalap bilerdi. Her niçik hem bolsa, ol Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1992-nji ýyldan bäri gelýän taryhynda bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň arasynda ikinji orna çenli çykmagy başardy.
Möwsümde geçiren pökgüleriniň sany boýunça ikinji we üçünji orunlary «Şagadamdan» Yhlas Magtymow bilen «Ahaldan» Elman Tagaýew paýlaşdy. Bu futbolçylaryň her haýsy 16 gezek tapawutlandylar. Altymyrat Annadurdyýewiň bolsa 2018-nji ýylda hem möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolandygyny ýatlamak gerek. Ýöne ol şol möwsümde 19 gezek tapawutlanypdy. Bu ýyl oňa netijäni iki essä çykarmak üçin bary-ýogy 3 pökgi ýetmedi.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen futbolynyň bir möwsümlik rekordy Sergeý Kazankow bilen Rejepmyrat Agabaýewe degişlidir. Olar degişlilikde 1992-nji we 1995-nji ýyllaryň futbol möwsüminde jemi 41 gezek tapawutlanypdylar. Milli çempionatymyzda iň kän möwsümiň netijeli oýunçysy bolmagy başaran futbolçy bolsa Berdimyrat Şamyradowdyr. Ol jemi alty möwsümde (2004, 2005, 2007, 2008, 2009 we 2010-njy ýyllarda) iň netijeli futbolçy boldy. Rejepmyrat Agabaýew bilen Mämmedaly Karadanow bolsa muny dört gezek başardylar. 1998 ― 1999-njy ýyllaryň futbol möwsüminde birbada üç oýunçy bir möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmagy başarypdy. Olar Rejepmyrat Agabaýew, Didargylyç Urazow we Şarafutdin Jumanyýazowdyr.
Bir möwsümiň iň ýokary netijesi 41 pökgi bolsa, iň pes netijesi 11 pökgüdir. 2008-nji ýylda Berdimyrat Şamyradow, 2010-njy ýylda bolsa Mämmedaly Karadanow 11 gezek tapawutlanyp, möwsümiň netijeli futbolçysy bolmagy başarypdylar.
Okyjylarymyzy Türkmenistanyň futbol çempionatynyň yzda galan 28 möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawy bilen tanyşdyrýarys:
Möwsüm
Futbolçy
Topary
Pökgi
1992
Sergeý Kazankow
TSHT
41
1993
Berdimyrat Nurmyradow
«Köpetdag»
25
1994
Berdimyrat Nurmyradow
«Köpetdag»
13
1995
Rejepmyrat Agabaýew
«Nisa»
41
1996
Rejepmyrat Agabaýew
«Nisa»
28
1997/1998
Rejepmyrat Agabaýew
«Nisa»
28
1998/1999
Rejepmyrat Agabaýew
«Nisa»
16
Didargylyç Urazow
«Nisa»
Şarafutdin Jumanyýazow
«Turan»
2000
Amandurdy Annadurdyýew
«Köpetdag»
13
2001
Didargylyç Urazow
«Nisa»
32
2002
Rüstem Sadykow
«Şagadam»
20
2003
Daýançgylyç Urazow
«Nisa»
21
2004
Berdimyrat Şamyradow
HTTU
19
2005
Berdimyrat Şamyradow
HTTU
30
2006
Hamza Allamow
«Turan»
22
2007
Berdimyrat Şamyradow
HTTU
16
2008
Berdimyrat Şamyradow
HTTU
11
Mämmedaly Karadanow
HTTU
2009
Berdimyrat Şamyradow
HTTU
18
2010
Berdimyrat Şamyradow
HTTU
11
2011
Mämmedaly Karadanow
HTTU
24
2012
Aleksandr Boliýan
«Şagadam»
23
2013
Mämmedaly Karadanow
«Balkan»
26
2014
Mämmedaly Karadanow
«Şagadam»
28
2015
Myrat Ýagşyýew
«Balkan»
31
2016
Süleýman Muhadow
«Altyn asyr»
30
2017
Myrat Ýagşyýew
«Altyn asyr»
28
2018
Altymyrat Annadurdyýew
«Altyn asyr»
19
2019
Didar Durdyýew
«Ahal»
14
2020
Altymyrat Annadurdyýew
«Altyn asyr»
35