Turkmenportal logo
19.11.20
3040730407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MB shoes aýakgap ýygyndysyna täze aýakgap görnüşleri goşuldy

“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän MB shoes aýakgap ýygyndysy erkekleriň, zenanlaryň we çagalaryň güýz möwsümine niýetlenen aýakgaplarynyň  täze görnüşleri bilen üsti ýetirildi.


Aýakgaplar, Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň häzirki zaman tehnologiýaly enjamlary ulanylyp öndürilýär. Içerki önümçilikde ýokary hilli tebigy deri, çig mal hökmünde ulanylýar.


Dürli reňkli we köp görnüşli aýakgaplar müşderileriň isleglerini kanagatlandyryp biler.



“MB Shoes” kärhanasy her gün erkekler, zenanlar we çagalar üçin ortaça 300 jübüt tebigy deriden aýakgaplary öndürýär. 


“MB Shoes” markaly aýakgaplaryň içerki we daşarky bazarlarda islegiň ýokarydygyny bellemelidiris.