Turkmenportal logo
28.10.2020
2067620676
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran 507-Ö belgili buýrugy bilen Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy.


Bu buýruk «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasynyň bäşinji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.


Resminamanyň doly görnüşini Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndaky şu salgydan okap bilersiňiz.

Türkmenistanda Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy | Turkmenportal.com