Turkmenportal logo
23.10.20
1096710967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen alabaýynyň hormatyna gurlan heýkel açylar

Aşgabadyň günbatar böleginde gurlan «Türkmen Alabaýy» heýkelinde işler tamamlaýjy tapgyrda barýar. «Türkmenportal»-a mälim bolşy ýaly, onuň açylyş dabarasy noýabr aýynyň ortalarynda meýilleşdirilýär.


Heýkeli döredenler alabaýa mahsus şekili oňa ussatlyk bilen siňdirmegi başarypdyrlar. «Türkmen Alabaýy» heýkeliniň açylyş dabarasy Aşgabadyň şu künjeginde gurlan täze binalaryň hem açylyş dabarasy bilen utgaşar. Heýkel Magtymguly şaýolunyň uzynlygy 5564 metr bolan durky täzenen böleginde aýlawly çatrykda guruldy.