Turkmenportal logo
08.10.2020
1758317583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň käbir häkimlikleriniň orunbasarlaryny çalyşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Akjagül Dowwaýewa işde goýberen kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de Maýagözel Ýollyýewa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Jemal Nepesowa bellenildi. Bu barada TDH ýazýar.